Türkmenistan: gozgalaňlar zähmet dawalaryny çözmegiň ýolymyka?

Türkmenistan: gozgalaňlar zähmet dawalaryny çözmegiň ýolymyka?

Monday, 12 October, 2009
Gaz geçirijiniň gurluşygynda işleýän işçileriň öz zähmet hukuklaryny goramak uçin çykyş etmegi adamlaryň Türkmenistanda kanunyň adalatlydygyna-da, ýa-da bu kanunlary ýerine ýetirmeýän daşary ýurt iş berijilerine-de ynanmaýandyklaryny görkezdi.



3-nji noýabrda “Azatlyk” (RFE/RL) radiýosy, hytaý we türkmen işçileriniň arasyndaky çaknyşmalara gatnaşmagy üçin tussag edilen 200-e ýakyn türkmen işçileriniň iň soňky 13-siniň hem tussaglykdan boşadylandygyny habar berdi.



Olar ýurduň günortasyndaky gaz känleri bolan Samandepede we Ýolötende Türkmenistan-Hytaý gaz geçirisiniň böleginiň gurluşygynda işlediler.



12-nji sentýabrda türkmen gurluşykçylary hytaý energetiki kompaniýasynyň ýolbaşçylaryndan iş şertleriniň gowylandyrylmagyny we zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny talap edip iş taşlaýyş yglan etdiler. Bu protest aksiýasynyň netijesinde çaknyşyk bolup geçdi, hem-de RFE/RL-iň maglumatlaryna görä 15 hytaý işçisine şikes ýetip, olar hassahana ugradyldy.



Ýerli gurluşykçylaryň we hünärmenleriň aýtmagyna görä hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçylary olary kanunda göz öňünde tutulan 8 sagadyň ýerine günde 10 sagat işlemäge mejbur edipdir.



2009-njy ýylyň 1-nji iýulynda güýje giren Türkmenistanyň täze zähmet kodeksiniň 59-njy maddasyna laýyklykda “iş wagtynyň adaty dowamlylygy hepdede 40 sagatdan ýokary bolup bilmez”.



Mundan başgada, hytaý we türkmen işgärleriniň zähmet haklarynyň arasyndaky uly tapawut işgärleriň gaharlanmagyna getiripdir.



“Şol bir iş üçin biz has az pul gazanýarys, eger-de hytaýlylara aýda 800 dollar tölenýän bolsa, bize – türkmenlere 200-den sähel köp tölenýär” diýip ekskowatorçy gürrüň berdi.



Adamlaryň sözlerine görä olar gozgalaňa alaçsyzlykdan baş urdular. Sebäbi daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan olaryň hukuklarynyň aç-açan bozulmagyna seretmezden, häkimiýetler öz raýatlaryny goramaga howluganok. “Olara umut edip bolmaz” diýip ekskowtorçy sözüň üstüni ýetirdi.



Türkmenistanyň 2008-nji ýylda kabul edilen konstitusiýasy ähli raýatlara zähmet hukugyny we onuň goralmagyny kepil geçýär. Zähmet kodeksi bolsa zähmet gatnaşyklarynda diskriminasiýany, şeýle-de “iş wagtynyň dowamlylygynyň degişli zähmet haky tölenmezden uzaldylmagyny” gadagan edýär.



“Ýöne bu ýurtda kanun işlemeýär, hem-de tussag edilen adamlar ož hukuklaryny türkmen häkimiýetleri bilen dawada-da, daşary ýurtly iş berijiler bilen dawada-da gorap bilmezler” diýip ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatynda aktiwistleriň birisi gaharlanýar.



Aktiwistiň bellemegine görä, adamlar häkimiýete kän bir ynananoklar, şol sebäpli özlerini zähmet deňsizliginden goramagy haýyş edip häkimiýete ýüz tutanoklar. Ol “Gurluşykçylar iň söňky çärelere daýanmagy makul bildiler” diýdi.



RFE/RL-iň maglumatyna görä tussag edilen gurluşykçylar wagtlaýyn tussaglaryň saklanýan ýerinde iki hepdä golaý saklanyldy we hytaý energetiki kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň türkmen häkimiýetlerine haýyşy boýunça azatlyga göýberildi.



Bolgariýadaky türkmen ykdysady analitigi Annadurdy Hajyýew şeýle belleýär: “Hytaý kompaniýasynyň türkmen işçileriniň talaplaryny berjaý etmegi söz bermegi gülkünç. Gyzykly zat, näme üçin türkmen hökümedi ož raýatlaryny zähmet kanunlarynyň bozulmagyndan goramaýarka?”.



Bäşga kommentatorlar munuň daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan işe alnan ýerli işgärleriň arasyndaky protest çykyşlarynyň birinjisi däldigini ýatladýarlar.



2008-nji ýylyň iýulynda, ýurduň günbataryndaky Nebitdag şäherinde, ENI italýan nebit kompaniýasyna degişli burawlaýyş gurluşynyň 600 sany türkmen nebitçisi iş taşlaýyş yglan etdi, hem-de olar amerikan dollarynyň milli walýuta manada bolan täze kursunyň girizilmegi we şol sebäpli olaryň hakykat ýüzünde gazançlarynyň pese düşmegi bilen baglylykda ož zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy talap etdiler.



Ýerli işçiler bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan zähmet şertnamalarynyň iş hakynyň milli walýutada berlen günüň manat kursy boýunça berilmegini göz öňünde tutýandygyna seretmezden, kompaniýalaryň köpüsi tölegleri amerikan dollarynda berdiler. Bu bolsa iş berijiler bilen hakyna tutulan işgärleriň arasyndaky dawa getirdi.



2007-nji ýylyň noýabrynda, Aşgabadyň etegindäki metallurgiýa kombinatynyň türkmen gurluşykçylary gozgalaň turuzdylar we işi ýerine ýetiriji bolan “Sehil” türk firmasyndan 2 aýyň zähmet tölegine deň bolan bergilerini bermegi talap etdiler.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists